Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Zebur 84 - Mukaddes Kitap


84‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.

2 Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.

3 Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela

4 Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.

5 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan el göter.

6 Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?

7 Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?

8 Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.

9 Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.

10 Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!

11 Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.

12 Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.

13 Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler.

14 Dogrulyk Onuň öňünden ýörär, Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ