Zebur 47 - Mukaddes Kitap47‑nji mezmur 1 Koranyň nesilleriniň nagmasy. Mezmur . 1 Koranyň nesilleriniň nagmasy. Mezmur. 2 Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr. 3 Belent, gözel Sion dagy tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr; Sion dagy Beýik Şanyň şäheri, ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr. 4 Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar. 5 Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler. 6 Olar ony görenlerinde haýran galdylar, dowla düşüp, gaçyp gitdiler. 7 Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly. 8 Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary. 9 Biz şäheriň şöhratyny eşitdik, indi bolsa ony: Hökmürowan Rebbiň şäherini – Hudaýymyzyň şäherini özümiz gördük. Ol ony ebedi berkarar eder. Sela 10 Eý, Hudaý, ybadathanaňda oýlanýarys sadyk söýgiň barada. 11 Eý, Hudaý, Seniň adyň deý, alkyşyň-da ýeriň dört künjüne ýetýär. Seniň eliň adalatdan doludyr. 12 Goý, Sion dagy begensin. Seniň adalatly hökümleriň hatyrasyna, Ýahudanyň gyzlary, goý, şat bolsun. 13 Sionyň daşynda gezip, ony aýlanyň, onuň diňlerini siz sanap çykyň. 14 Onuň içki berkitmelerine üns beriň, geljek nesle aýtmak üçin, onuň köşklerine aýlanyp çykyň. 15 Çünki bu Hudaý şunuň ýalydyr, Ol ebedi we baky Hudaýymyzdyr; ömürboýy bize ýol görkezjek Oldur. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia