Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Zebur 46 - Mukaddes Kitap


46-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.

2 Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Hudaýa heşelle kakyň!

3 Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr, çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.

4 Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.

5 Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela

6 Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.

7 Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!

8 Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.

9 Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.

10 Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ