Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Zebur 4 - Mukaddes Kitap


4‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.

2 Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda. Maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.

3 Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz maňa ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela

4 Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.

5 Gaharlanyp, günä galmaň siz, Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela

6 Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.

7 «Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!

8 Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.

9 Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ