Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Zebur 39 - Mukaddes Kitap


39-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

2 Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi;

3 meni heläkçilik gorpundan, batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup, Ol meniň ädimlerimi berkitdi.

4 Ol meniň agzymda bir täze nagma – Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy; köpler muny görüp gorkarlar, hem-de Rebbe bil baglarlar.

5 Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!

6 Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.

7 Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny talap etmediň.

8 Şonda diýdim: «Ine, gelýärin; kitapda men barada ýazylgy.

9 Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».

10 Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim; Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.

11 Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy men gizlemedim.

12 Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň we sadyklygyň, goý, elmydama meni gorasyn.

13 Çünki sansyz bela-beter meni gurşady; öz etmişlerim meniň başymdan indi; görüp bilmeýän: olar başymyň saçyndan hem kän, pagyş-para boldy meniň ýüregim.

14 Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.

15 Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.

16 Maňa «haý, haý!» diýýänler utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.

17 Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Reb beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.

18 Men bolsa garyp we mätäçdirin, ýöne Taňry maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ