Zebur 28 - Mukaddes Kitap28‑nji mezmur Dawudyň mezmury 1 Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň. 2 Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň. 3 Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir. 4 Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr. 5 Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar. 6 Ol Liwan dagyny göle deý, Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý bökdürýär. 7 Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar. 8 Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar. 9 Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär. 10 Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar. Reb Şa hökmünde baky oturýar. 11 Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia