Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Zebur 132 - Mukaddes Kitap


132‑nji mezmur
Dawudyň zyýarat nagmasy

1 Doganlaryň bile ýaşamaklary gör, nähili gowy hem-de ýakymly!

2 Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr, sakgala, Harunyň sakgalyna, onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan mukaddes ýag ýalydyr!

3 Ol Sion daglaryna düşýän Hermonyň boldan-bol çygy kimindir. Çünki Reb ol ýerde ýalkanyş, baky ýaşaýyş bolsun diýip, tabşyryk berdi.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ