Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Zebur 129 - Mukaddes Kitap


129-njy mezmur
Zyýarat nagmasy

1 Ýa Reb, çuňluklardan çagyrýan Seni.

2 Eý, Taňry, eşit sesimi, dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.

3 Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň, ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler?

4 Emma Senden gorkarlar ýaly, Sende bardyr geçirimlilik.

5 Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan.

6 Garawullar daňyň atmagyna intizar, hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar, meniň janym şondan hem köp Taňra intizar.

7 Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy: Reb sadyk söýgüsini görkezýär, Ol hemişe halas etmäge taýýar.

8 Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ