Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Zebur 115 - Mukaddes Kitap


115‑nji mezmur

1 «Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.

2 Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.

3 Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?

4 Gutulyş pyýalasyny galdyryp, Rebbim diýip Ony çagyraryn.

5 Bütin halkynyň öňünde Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.

6 Rebbiň sadyklarynyň ölümi Onuň üçin nähili agyr!

7 Ýa Reb! Men Seniň bendäň, men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly; Sen zynjyrlarymy gyryp taşladyň.

8 Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn.

9-10 Bütin halkynyň öňünde, Reb öýüniň howlularynda, eý, Iýerusalim, seniň içiňde, Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ