Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Işaýa 20 - Mukaddes Kitap


20‑nji bap Müsüre we Efiopiýa garşy pygamberlik

1 Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy.

2 Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi.

3 Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap diňe içki geýimde, aýakýalaň gezişi kimin,

4 Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.

5 Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.

6 Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ