Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Işaýa 12 - Mukaddes Kitap


12‑nji bap Alkyş we öwgi

1 Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.

2 Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».

3 Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý, şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.

4 Şeýle diýersiňiz şol gün: «Rebbe şükür ediň, Onuň adyna öwgüler aýdyň; milletleriň arasynda Onuň işlerini aýan ediň, Adynyň beýikdigini jar ediň.

5 Rebbe öwgüler aýdyň, Ol beýik işler etdi; ýer ýüzi bilsin muny!

6 Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ