Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -

Eýýup 25 - Mukaddes Kitap


25‑nji bap Bildadyň sözi

1 Şuwaly Bildat şeýle diýdi:

2 «Hudaý gudratly we haýbatlydyr! Gökde asudalygy berýän Oldur.

3 Goşunyny sanamaga san ýetjekmi? Güni kimiň üstüne dogmaz?

4 Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?

5 Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa, ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse,

6 onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, adamzat-da gurtça görner!»

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:



ကြော်ငြာတွေ