Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 99:4 - Mukaddes Kitap

4 Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Дервезелеринден гириң шүкүрлер билен, ховлуларына – өвгүлер билен. Оңа шүкүр эдиң, адына алкышлар айдың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 99:4
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.


Rebbiň sözleri sap sözlerdir, toýun küresinde arassalanyp, ýedi gezek saplanan kümüş kimindir.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar.


Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär.


Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar».


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ