Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 99:3 - Mukaddes Kitap

3 Ol Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň. Ol bizi ýaratdy, biz-de Onuňky, biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ол Бейик Худайдыр, сиз муны билиң. Ол бизи яратды, биз-де Онуңкы, биз – өрүсиниң гоюнлары ве Онуң халкы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 99:3
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň.


Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»


Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.


Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym! Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym! Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!


Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Asafyň mezmury.


Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.


Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar.


Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz,


Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ