Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 99:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эй, бүтин ер йүзи, Реббе хешелле какың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 99:1
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar.


eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň. Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla.


Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.


Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn».


Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!


Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.


Ýa Reb, Sen ýer ýüzünde iň beýigisiň, ähli hudaýlardan belende çykarylansyň.


Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi.


Eý, bütin dünýä, Rebbe heşelle kakyň, şatlyk nagmasyny, alkyşlar aýdyň.


Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.


Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.


Daglara seretdim, olar titreýärdi, ähli depeler ikiýana yraň atýardy.


Ýykylýanlaň gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar, gykylyklarynyň sesi Gyzyl deňze çenli eşidiler.


Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».


Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar; gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler».


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.


Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ