6 Surnaýyň, şahyň sesleri bilen Patyşamyz–Rebbiň öňünde heşelle kakyň.
6 Сурнайың, шахың сеслери билен Патышамыз-Реббиң өңүнде хешелле какың.
Reb diridir! Meniň gutulyş Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.
Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar, Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar, begençden ýaňa heşelle kakar.
Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.
Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!
Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.
Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».
Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.
Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.
Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin:
Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!
Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».