Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 97:1 - Mukaddes Kitap

1 Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реббе тәзе нагманы айдың, чүнки Ол гудратлы ишлери этди. Голы, мукаддес голы, Оңа еңиш гетирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 97:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.


Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.


Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Adalar muny görüp, gorkýarlar, ýeriň aňry uçlary titreşýärler, olar ýakynlaşyp gelýärler.


Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar.


Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy.


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.


Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşyş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy.


Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.


Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.


Ine, Işaýa pygamberiň ol hakynda: «Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“ diýýär» diýip aýdan şol adamy Ýahýadyr.


Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ