5 Daglar mum dek ereýär Rebbiň öňünde – tutuş ýer ýüzüniň Taňrysynyň öňünde.
5 Даглар мум дек эрейәр Реббиң өңүнде – тутуш ер йүзүниң Таңрысының өңүнде.
Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.
Faraony, goşunyny Gyzyl deňizde derbi-dagyn eden-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
Kuwwatly patyşalary ýok eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».
Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:
Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.
Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr.