9 Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady, edenlerimi görse-de, Meni synady.
9 Ол ерде аталарыңыз Мени барлады, эденлерими гөрсе-де, Мени сынады.
Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.
Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek, olar maňa dişlerini gyjaýardylar.
Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?
Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.
Diňleýän gulagy, görýän gözi – ikisinem Reb ýaradandyr.
Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.
Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».
Eger bütin beden göz bolan bolsa, onda ol nädip eşiderdi? Eger bütin beden gulak bolan bolsa, onda ol nädip ys alardy?