5 Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony, gury ýere şekil berdi Onuň elleri.
5 Деңиз Онуңкыдыр, чүнки Ол яратды оны, гуры ере шекил берди Онуң эллери.
onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;
Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.
Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr, birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.
Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler, duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.
Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar». Muny Reb aýdýandyr.
Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.
Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.
Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.
dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir?
Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.
Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.
Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.