3 Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.
3 Чүнки Реб бейик Худайдыр, әхли худайларың бейик Шасыдыр.
Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.
Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.
Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler.
Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.
Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?
Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.
Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.
Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, ýöne Sen halas etmeýäň.
Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.