1 Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.
1 Гелиң, Реббе нагма айдалы, халас эдйән гаямыза шатланып, айдым айдалы.
Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.
Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.
Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.
Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!
Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer.
Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.
Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, duşmanlaryndan öç alýandyr, ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.
Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.
Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.
Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».