3 Ýa Reb, erbetler haçana çenli, haçana çenli erbetler dabaralanar?
3 Я Реб, эрбетлер хачана ченли, хачана ченли эрбетлер дабараланар?
Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň.
Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr, çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.
Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.
Nur dogulýar dogrular üçin, şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin.
Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.
Ýylan bolsa aýaly sile gark etmek üçin, agzyny açyp, onuň yzyndan derýa ýaly suw akdyrdy.
Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.