Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.
Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.
Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.