Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.
Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar.
Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi.
Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.
Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.