2 Seniň tagtyň owaldan bina edilen, Sen barsyň ezelden bäri.
2 Сениң тагтың овалдан бина эдилен, Сен барсың эзелден бәри.
Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr:
Ýöne hiç kim: „Gijesine aýdymlar berýän Ýaradanym nirede?
Derde batan we arzyny Rebbiň öňüne dökýän görgüliniň dogasy
Men ömürboýy Rebbi şöhratlandyraryn, demim barka Hudaýyma nagma aýdaryn.
Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt! Eý, Sion, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!
Patyşa, goý, uzak ýaşasyn! Şeba altynyndan oňa berilsin, onuň üçin elmydama doga okalsyn, uzakly gün oňa alkyş aýdylsyn.
Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.
Sende begenerin, joşa gelerin, adyňy taryplap, nagma aýdaryn, ýa Beýik Hudaý!
Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.
Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.
Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.