9 Çünki sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip, Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň.
9 Чүнки сен Реббе: «Мениң пенамсың» дийип, Бейик Худайы өзүңе месген эдиндиң.
Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.
Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň we sadyklygyň, goý, elmydama meni gorasyn.
Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!
Ol perleri bilen seni basyrar; ganatlarynyň astynda pena taparsyň, Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.