Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 9:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýöne Reb baky höküm sürýändir; Ol adalatly höküm çykarmak üçin, Öz tagtyny berkarar etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Йөне Реб бакы хөкүм сүрйәндир; Ол адалатлы хөкүм чыкармак үчин, Өз тагтыны беркарар этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 9:8
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Diýdim «Men ölüp, inemde gabra, munuň peýdasy bolarmy Saňa? Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi? Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»


Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ