Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi.
Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.
Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.
Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.