Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 9:19 - Mukaddes Kitap

19 Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl, garybyň umydy hem baky ýitjek däl.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Чүнки мәтәч хемишелик унудылҗак дәл, гарыбың умыды хем бакы йитҗек дәл.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 9:19
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».


Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.


Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.


onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela


Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.


Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


«Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.


Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn».


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Eger Müsür nesli hem gidip, şuny berjaý etmese, Reb olara-da Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň başyndan inderen belasyny inderer.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ