Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 9:14 - Mukaddes Kitap

14-15 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14-15 Я Реб, маңа мерхемет эйле, гөр мени йигренйәнлерден чекйән дердими; Саңа әхли алкышларымы җар эдерим ялы, Сенсиң өлүм дервезелеринден мени халас эйлейән. Сион гызының дервезелеринде Сениң халас эдишиңе мен шатланайын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 9:14
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn. Ol olary duşman elinden halas eýledi,


Olar şol ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.


Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Daňdan peýda bolýan sugunyna». Dawudyň mezmury.


Öýüňiň näz-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň.


Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna, keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn. Eý, Hudaý, meniň Hudaýym, men Saňa lirada öwgi nagmasyny aýdaryn.


Ýa Reb, maňa merhemet eýle, çünki mende ysgyn-mydar galmady; ýa Reb, maňa ber Sen şypaňy. Çünki galpyldaýar meniň süňklerim,


Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge, Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela


Emma her ötegçiniň onuň miwesini ýolup bileri ýaly, Sen onuň haýatlaryny näme üçin weýran eýlediň?


Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.


Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm.


Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý, şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.


Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Sion boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar.


Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ