Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 9:13 - Mukaddes Kitap

13 Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar, olary Öz hakydasynda saklaýar; ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Чүнки Ол дөкүлен ганларың хунуны аляр, олары Өз хакыдасында саклаяр; эҗир чекйәнлериң перядыны Ол унутмаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 9:13
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.


Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi.


Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


„Düýn Men Nabodyň we onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Men – Reb almytyňy edil şu mellekde berjekdigimi aýdýandyryn“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla».


Patyşa Ýowaş Zekarýanyň kakasy Ýehoýadanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaman, onuň ogluny öldürdi. Zekarýa ölmeziniň öň ýanynda: «Reb muny görüp, hasabyny sorasyn!» diýdi.


Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.


Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.


Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.


Saňa tarap ellerimi gerýärin. Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela


Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.


«„Ömrümiň iň ýagşy çagynda, men gitmeli; ölüler dünýäsiniň derwezelerinden girip, galan ýyllarymdan mahrum edildim“ diýdim.


Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Şol ýerde ýahudylaryň ýuwnup-päkizlenme dessury üçin uly göwrümlialty sany hum bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ