3 Eý, Hudaý şäheri! Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela
3 Эй, Худай шәхери! Сен хакда шөхратлы затлар айдыляр. Села
Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin; erbetleriň ýanynda oturmaryn men.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
Men ýörärdim jemagat bilen, baýram edýän halky äkiderdim Hudaý öýüne; olar şatlanyp, nagma aýdardy. Şu zatlary ýatlan wagtymda küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.
Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi, tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary.
Ýa Reb, elmydama Seniň söýgiňe nagma aýdaryn, dilim wepadarlygyňy beýan eder nesilden-nesle.
Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Sen dek, ýa Reb, kuwwatly barmy? Wepadarlygyň gurşaýar Seni.
Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?
Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.