Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 85:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Я Таңры, худайлар арасында Сен кимин ёкдур, Сениң ишлериңе тай гелҗек ёкдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 85:8
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle! Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.


Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.


Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.


Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, diňiň üstüne çykaryn. Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.


Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Soňra Isa ybadathanada ol adama gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, ýogsam başyňa mundan beter günler geler» diýdi.


Aýal: «Ýok, Agam» diýdi. Isa: «Men hem seni höküm edemok. Bar, gidiber, mundan beýläk günä iş etme» diýdi.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Mesih gelip, Hudaýdan uzakda bolan size we golaýda bolan ýahudylara bu parahatlyk Hoş Habaryny yglan etdi.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyza ýar bolsun!


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ