Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.
Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy.
Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.
Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.