Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 85:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýa Taňry, meniň Hudaýym, tutuş kalbym bilen Saňa şükür edýärin, Seniň adyňy elmydama taryp ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Я Таңры, мениң Худайым, тутуш калбым билен Саңа шүкүр эдйәрин, Сениң адыңы элмыдама тарып эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 85:12
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý – ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary.


Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; bulary Men – Reb ýaratdym».


Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.


Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».


Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär.


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ