Emma Hamana diňe Mordekaýyň özüne el gatmaklyk ýeterlik däldi. Şeýlelikde, Mordekaýyň haýsy halkdandygyny oňa mälim edenlerinden soň, Haman Kserksiň bütin patyşalygyndaky ähli ýahudylary, Mordekaýyň tutuş halkyny ýok etmegiň küýüne düşdi.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ebedi duşmançylygy bolan piliştliler ýahudalardan ar aldylar, ýüreklerindäki ýigrenç zerarly olary ýer bilen ýegsan edip öç aldylar.
Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?»