Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamlygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men“».
Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men“».
Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi.
Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler.
Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy.
Halk Pawlusy şu ýere çenli diňledi, emma bu sözi eşidenlerinde, batly ses bilen: «Bu adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Ol ýaşamaga mynasyp däl» diýip gygyrdy.
Dawa-jenjel şeýle bir gyzdy welin, müňbaşy olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder edip, esgerlere gelip, ony olaryň arasyndan süýräp çykaryp, gala äkitmegi buýurdy.
Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gidegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.