Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 82:5 - Mukaddes Kitap

5 Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Диййәрлер: «Гелиң, ёк эдели, гой, олар миллет болмасын, мундан бейләк Ысрайылың ады, гой, агзалмасын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 82:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki biz düýnkilerdiris, bilýän zadymyz ýokdur, ýerdäki ömrümiz kölege kimindir.


Olar biri-birine ýalan sözleýär; ýaranjaň dilleri ikigepli gürleýär.


onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;


Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý.


Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siondadyr.


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.


Olar dogry ýoly taşlap, garaňkylyk ýolundan ýöreýärler.


Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.


«Akyllynyň gözleri başyndadyr; akylsyz bolsa garaňkylykda gezýändir. Emma hemmesiniň takdyrynyň bir ekenligini bildim».


Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.


Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?


Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.


Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ