„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.
Reb şeýle diýýär: „Adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň, ezileni zalymyň elinden halas ediň; gelmişege, ýetim bilen dul aýala azar bermäň, zorluk etmäň, bu ýerde nähak gan dökmäň.
Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.