Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 81:3 - Mukaddes Kitap

3 Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Адалатлы чөзүң гарыбың, етимиң даваларыны, гораң эзилениң, мәтәҗиң хак-хукугыны.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 81:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.


Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.


Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagy bürünç kimwallar,


Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.


Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.


Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar.


Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr:


Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».


Ýahudalar özleriniň hem öňlerinde, hem yzlarynda söweş gidýändigini gördüler. Olar Rebbe perýat etdiler, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar.


Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, gündeki hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.


Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary nepis zygyr mata lybaslaryna beslenip, kimwallary, liralary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular.


Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan Petir, Galla baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi.


Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!


Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.


Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.


Ybadathanasyny çatma deý ýykdy, halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi. Reb Sionda baýramlardyr Sabat gününi unutdyrdy. Gahar-gazaba münüp, patyşany we ruhanyny ret etdi.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ