Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady.
Ýowap ilat ýazuwynyň netijesini Dawuda berdi. Tutuş Ysraýylda eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany bir million ýüz müňdi, Ýahudanyňky bolsa dört ýüz ýetmiş müň adam bolup çykdy.
Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi.