Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.
Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»
Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.