16 Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi, kysmatlary ebedi dowam ederdi.
16 Ребби йигренйәнлер оңа ялым-юлум эдерди, кысматлары эбеди довам эдерди.
Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy men gizlemedim.
Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?
Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar, emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.
Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».
Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.
Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.