Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.
Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy, dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp, olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär. Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp, kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.
Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.
Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.