Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.
Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.
Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.
Men bütin şähere aýlanyp çykyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirdim. Bu zatlaryň arasyndan „NÄTANYŞ HUDAÝA“ diýen ýazgyly bir gurbanlyk sypasyny gördüm. Ine, men size özüňiziň tanamazdan sežde edýän Hudaýyňyz barada gürrüň bermekçi.
Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!