Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 79:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Я Хөкмүрован Худайымыз Реб! Өз халкың дога-дилеглерине Сен хачана дек болҗак гахарлы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 79:5
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.


güýçli galpyldaýar janym hem meniň. Ýa Reb, haçana çenli bu dowam eder?


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.


Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.


Çünki bu – Ysraýylyň parzlary, Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.


Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi.


Gaty gaharlanma, hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb, ählimiz Seniň halkyňdyrys, muny nazara al!


«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.


Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ