Olar maňa: «Ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.
Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.
Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.
Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.
Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum.
Indi hiç haçan milletleriň gyjalatyny saňa eşitdirmerin; sen gaýdyp halklaryň kemsitmelerini çekmersiň we öz milletleriň büdremegine sebäp bolmarsyň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“».
Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy.
Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»