Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 78:8 - Mukaddes Kitap

8 Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Аталарымызың гүнәлерини бизе йүклеме, бизи гаршыламага ховлуксын Сениң рехимиң, чүнки җуда тапдан дүшендирис биз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 78:8
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.


Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi.


Muňa garamazdan, sen gowy işler hem etdiň. Sen Aşera butlaryny ýurtdan ýok edip, ýüregiňi Hudaýy agtarmaklyga gönükdirdiň» diýdi.


Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem doly aýrylmandy. Halk entek hem ýüregini ata-babalarynyň Hudaýyna baglamandy.


Atalaryňyz we doganlaryňyz ýaly atalaryňyzyň Hudaýy Rebbe biwepalyk etmäň. Görşüňiz ýaly, Reb olary elhenç zada öwürdi.


Ýüregiňi Oňa bagyşlap, elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,


Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.


Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meň akmaklygym, Senden gizlin däldir meň günälerim.


Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm.


Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.


Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi.


Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.


Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň öwüdine gulak goýmaýan ogullardyr.


Çölde olaryň perzentlerine şeýle diýdim: „Ata-babalaryňyzyň parzlaryna eýermäň, hökümlerini berjaý etmäň, özüňizi olaryň butlary bilen haram etmäň.


Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!


Hudaýyňyz Rebbe wepaly bolanlaryňyzyň hemmesi bu gün diri.


Reb ýene-de maňa: „Men bu halkyň boýnuýogyndygyny gördüm.


Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.


Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:


Özlerini Müsürden alyp çykan günümden bäri olar Menden ýüz öwrüp, keseki hudaýlara ybadat edip gelýärler. Indi olar sen babatda hem şeýle etmegiň kül-külüne düşüpdirler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ