Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 78:10 - Mukaddes Kitap

10 «Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 «Оларың Худайы ниреде?» дийип, гой, миллетлер айтмасын. Сениң бенделериң дөкүлен ганларының алынянлыгы гөз алнымызда, гой, миллетлер билсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 78:10
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz?


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ